AhlulBayt News Agency

source : Parstoday
Friday

29 April 2022

1:51:12 PM
1253011

Imam Khamenei's speech on Al-Quds Day, 2022 in TURKMEN

Supreme Leader of the Islamic Revolution Ayatollah Seyyed Ali Khamenei has started delivering a televised speech in commemoration of the International Quds Day. The following is the text of the speech delivered on April 29, 2022 by Imam Khamenei, the Leader of the Islamic Revolution, on the occasion of Quds Day in Turkmen.

AhlulBayt News Agency (ABNA): Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi: "Bütin Palestina çydam we garşylyk meýdanyna öwrüldi we Sionist duşmany bilen ylalaşmak baradaky ähli meýilnamalar ýatyryldy" -diýdi.

Şu gün (anna), 2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde (1401-nji ýylyň 9-njy ordibeheşdi), 1443-nji ýylyň Remezan aýynyň 27-i, Halkara Kuds güni bilen gabat gelýär.

Eýran Yslam Respublikasynyň düýbüni tutujy Ymam Homeýn, Remezanyň soňky anna gününi Palestina meselesini üns merkezde saklamak we dünýä musulmanlarynyň palestinalylar bilen raýdaşlygyny yglan etmek maksady bilen Remezan aýynyň soňky anna gününi Bütindünýä Kuds güni diýip yglan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri anna güni Bütindünýä Al-Kuds güni mynasybetli telewideniýede eden çykyşynda Palestina halkynyň peýdasyna başga bir geljegiň uly alamatlaryny görkezdi, şol sanda tutuş Palestinanyň garşylyk meýdanyna öwrülendigini we onuň garşysynda basybalyjy režimiň we onuň esasy goldawçysy Amerikanyň peselendigini aýtdylar.

ol hezretleri sözüniň dowamynda Palestinde soňky ýyllarda bolup geçen wakalar, Sionist režimi bilen ylalaşmak baradaky ähli meýilnamalaryň ýatyrylmagyny we Günbatar Aziýa sebitinde garşylyk hadysasynyň ornuny tutup bolmajak nygmatlaryny ýada salmak bilen, problemalary diňe garşylyk güýji bilen çözüp boljakdygyny aýtdylar.

Aýatolla Hameneýi, basyp alyjy we jenaýatçy Sionist režimiň Kuds-a höküm sürýänçä, ýylyň her gününi Kuds güni hasaplamalydygyny belläp,kuds palestinanyň ýüregidir we basyp alynan ýerleriň hemmesi bahr-dan tut tä Nahr-e çenli kuds-iň dowamydyr diýip nygtadylar.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri Palestina halkynyň deňsiz-taýsyz çydamlylygyna we edermenligine haýran galyp, palestinaly ýaşlaryň pidakärçilikli amallaryny Palestina üçin gorag galkanyny döretmek we başga bir geljegi habar bermek hökmünde hasapladylar we Palestinde şu gün we ertir täze deňlemeleriň döremeginiň alamatlaryny beýan etmekde Häzirki wagtda "ýeňilmezek erk" Palestindäki we Günbatar Aziýada sionistleriň "ýeňilmezek goşunynyň" ornuny tutdy we jenaýat goşunynyň düzümini goranyşa öwürmäge mejbur boldy diýip beýan etdiler.

Aýatolla Hameneýi çydam toplumyň we garşylygyň bütin Palestina ýaýramagynyň anyk mysallaryna we sionistleriň däliremegine sebäp bolan şertlerine şol sanda Palestinalylaryň 70% -i basyp alyjy režime garşy harby çäre görmegi, 1948-nji ýylyň demirgazyk we günorta böleginde palestinaly jihad hereketlerini, Iordaniýada we Gündogar Kuds-de güýçli ýörişleri, Al-Aqsa metjidini palestinaly ýaşlar tarapyndan berk goramagy we Gazadaky harby türgenleşiklere yşarat edip Bütin Palestina garşylyk sahnasyna öwrüldi we palestina halky agzybirlik jihadyny dowam etdirmegi ýüregine düwdi. Bu möhüm hadysalar, palestinalylaryň basybalyjy režime garşy durmaga doly taýýardygyny, Mujahid guramalaryna zerur hasaplananda herekete geçmäge mümkinçilik berýändigini aňladýar diýip beýan etdiler.

...................................

End/ 257