AhlulBayt News Agency

source : Parstoday
Saturday

8 May 2021

3:26:48 AM
1138676

Imam Khamenei's speech on Al-Quds Day, 2021 in TURKMEN

Due to the cancellation of International Al-Quds Day rallies due to restrictions caused by the Coronavirus, and given the importance of commemorating the Palestinian cause as a major issue of the Islamic nation, the Leader of the Islamic Revolution, Imam Khamenei, talked to the people in a live speech this year on International Al-Quds Day, May 07, 2021.

Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň bütindünýä Kuds güni mynasybetli beren sargydy

 

بسسم الله الرحمن الرحیم

الحمد لله رب العالمین و الصلاه و السلام علی سیدنا محمد خاتم النبیین و اشرف الخلق اجمعین و علی آله الطیبین الطاهرین و صحبه المنتجبین ومن تبعهم باحسان الی یوم الدین.

Palestina meselesi häzir hem yslam ymmatynyň bilelikdäki iň möhüm we janly meselesidir. Zalym we ganhor kapitalizm düzgüniniň ssyýasatlary, bir milleti özüniň öý-öwzaryndan we ata-baba topragyndan alyp galyp onuň ýerine terrorçy režimi we keseki halky ýerleşdirendir.

//// Sionist režimiň guralmagynyň logikasy

Sioinist režimi gurmakdan gowşagrak we esassyzrak logika näme bar? Ýeropalylaryň öz aýdyşlaryna görä bütindünýä ikinji urşyň dowamynda Jöhitlere kän zulum edipdirler. Oňa görä Aziýanyň günbatarynda bir milleti awara etmek we şol ýurtda gyrgynlyklary ýola bermek bilen jöhitleriň ary almalynmalydyr....!

Bu bolsa günbatar döwletleriň sionist režimine berýän dyngysyz hemaýatlarynyň logikasydyr.  Şeýdip hem adam hukuk we demokratiýa baradaky bütin toslamalaryny ýalana çykardylar. We bu gülkünç we agyr hekaýa 70 ýyldan gowrak bäri dowam edip gelýär we wagtal-wagtal oňa täze sahypalar goşulýar.

//// sionist režimine garşy göreşmek hemmäniň borjy

Sionist režimi tru-başdan  basyp alynan palestina ülkesini terrorçylyk bazasyna öwürendir. Sionist režimi bir ýurt däl eýsem Palestina we başga musulman ýurtlara garşy terrorçylyk bazasydyr. Bu ganhor režime garşy göreşmek zuluma we terrorçylyga garşy göreşmekdir we bu bolsa hemmaniň borjydyr.

//// yslam ymmatynyň gowşamagy we ejizlemegi palestinanyň basyp alynmagyna şert döredýär

Üns berilmeli mesele؛ basybalyjy režimiň 1948-njy ýylda guralmagyna garamazdan yslam ymmatynyň bu ýiti sebitine göz garaltmak ondan ençeme ýyl öň başlanypdy. Bu ýyllar musulman ýurtlarda sekolarizmi , gatygidiji milletçiligi we eziji hemde garaşly döwletleri gudrat başyna getirmek ugurdaky günbatar döwwletleriň herketlerine gabat gelendir. Şol ýyllarda Eýran, Türkiýe we Aziýanyň günbatar sebitinde ýerleşen arap ýurtlardan tut tä Afrikanyň demirgazygyndaky ýurtlarda ýüze çykan hadysalara garanyňda yslam ymmatynyň gowşamagynyň we ejizliginiň Palestinanyň basyp alynmagyna şert döretmegi baradaky ajy hakykatyň üstüni açýandyr. We bu urgy imperializm düzgün tarapyndan yslam ymmatyna urlandyr.

//// Günbatar we gündogar lagyrnyň palestinany basyp almak meselesinde sionist maýadarlary bilen birleşmegi

Şol wagtda kapitalizm we komonizm lagyrnyň sionist karunlary bilen birleşmegi oýlanarly we ybrat alarlydyr؛ pitnäniň asyl ojagy we ony yzarlan Iňlisdir. Sionist maýadarlar hem ony öz pullary we ýaraglary bilen amala aşyrmagy boýun aldylar. We sowet döwleti hem bikanun Sionist režimini ykrar eden we bir topar jöhidi şol ýere iberen birinji döwletdir.

Basybalyjy sionist režimi, bir tarapdan yslam ymmatynyň şol wagtky ejizliginiň we ol bir tarapdan Ýewropalylaryň bu pitnesiniň we elgatyjylykly hereketiniň netijesidir.

//// durmuşky dünýäde gudrat deň agramlylygynyň yslam dünýäsiniň nepine öwrülmegi

Bu günki gün dünýäniň ýagdaýy şol günler ýaly däl. Biz bu meseläni hiç haçan ünsden düşürmeli däldiris. Bu günki gün durmuşky dünýäde gudrat deň agramlylygynyň yslam dünýäsiniň nepine öwrülendir. Amerikada we Ýewropada ýüze çykan dürli wakalar düzümindäki we dolandyryş işlerindäki kemçilikler we ahlak taýdan pese gaçmaklyk, günbatarlylary dünýä ahliniň ýanynda paş etdi. Amerikanyň saýlawlary baradaky gürrüňler we onuň tekepbir müdirleriniň ruswa bolmaklary şeýle-de bir ýylyň boýunda korona pandemiýasyna garşy göreşmek ugurda Amerikanyň we Ýewropanyň ýeňilmekleri we onuň utandyryjy yzygelimleri hemde soňky wagtlarda Ýewropanyň möhüm ýurtlarynda ýüze çykan syýasy we sosial perişanlyklary, hemmesi günbatar lagyrnyň synyp barýanlygyny alamatlandyrýandyr.

Ol bir tarapdan yslam dünçýäsiniň iň ýiti sebitlerinde çydam Güýçleriniň ösmegi, olaryp harby kuwwatlylyklarynyň artmagy, musulmanlaryň ägäliginiň we umydynyň köpelmegi, gurhan we yslam şygarlaryna eýerilmeginiň artmagy, ylmy taýdan ösmegi, garaşsyzlyk islegleriň we öz güýjüňe daýanmagyny bat almagy, aýdyň geljegi buşlaýan alamatlardyr.

//// Palestina we Kuds esasynda musulman ýurtlaryň birleşmeginiň zerurlygy

Bu mübärek geljekde musulman ýurtlaryň birleşmegi we güýçlerini birleşdirmekleri esasy maksada öwrülmelidir. Bu bolsa el ýeterden daşda däldir. Bu birleşigiň  esasy tarapy bitewi Palestina ýurdy we Kudsyň ykbaly bolmalydyr. Şu mesele Yslam ynkylabynyň düýbini tutan Ymam Humeýni(r.a)i oraza aýynyň soňy juma gününi bütindünýä kuds gün yglan etmäge iteren hakykatdyr.

Musulmanlaryň Palestina we Kuds meselesinde birleşmegi sionist duşmanyň we onuň Amerikaly we Ýewropaly hemaýatçylarynyň garabasalygydyr. Asyryň söwdasy adyndaky şowsyz taslama we ondan soňra birnäçe ejiz arap döwletiň basybalyjy sionist režimi bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak baradaky mesele şol garabasalykdan halas bolmak ugurdaky tagallalardandyr.

Men ynam we berklik bilen aýdýaryn: bu tagallalar ýer kertmez. Sionist režimiň synyp gitmegi we ýokluga tarap hereketi başlanandyr we dynmaz.

//// geljegiň ýagytly faktorlary: basybaalynan ülkelerde çydamyň dowam etdirilmegi we dünýä ähliniň Palestinaly söweşijilere goldaw bermekleri

Iki esasy faktor geljegi kesgitleýär: birini we möhümrägi- Palestina ülkelerinde çydamy dowam etdirilmegi  we jihad hemde şehitlik ýolunyň daýandyrylmagy. Ikinjiden- tutuş dünýäde musulman döwletleriň we milletleriň Palestina söweşijilerine goldaw bermekleri.

Bütin döwlet işgärleri, saýlanan şahsyýetleri, din alymlary, partiýalar we toparlar, edermen ýaş ýigitler we başga gatlaklar- bu umumy hereketdäki ornumyzy tapmalydyrs we wezipämizi ýerine ýetirmelidirs. Bu duşmanyň mekirni puja çykarýan zatdyr. We bu ylahy wada: أَمْ يُرِيدُونَ كَيْدًا ۖ فَالَّذِينَ كَفَرُوا هُمُ الْمَكِيدُونَ ahyrzaman mysalyny döredýär.we و اللّه غالب على امره و لکن اکثر الناس لا یعلمون .

Arap ýaşlaryna öz dilinde azajyk gürleşmek isleýärin:

Ahli arap azadalara salam, Esasanam ýaşlar, Palestinanyň çydamly halka we Al-Aqsa metjidinde Marabatuna we Al-Kudsa salam

çydam şehitlere salam we bu ýol bilen janlaryny pida eden köp sanly mujahidler Esasanam şehit Şeýh Ahmad Ýassin we Şehit Seýed Abbas Musawi, we Şehit Fathi Şaghaghi we Şehit Emad Mugniiýe we Şehit Abdul Aziz Rantisi we Şehit Abu Mahdi Al-Mohandes we ahyrsoňy çydam şehitleriniň görnükli ýüzi Şehit Gassem Soleimani bereketli we mübärek durmuşdan soň, şehit bolmak bilen, çydam gurşawynda möhüm täsirleri galdyrdylar

Palestinalylaryň göreşi we şehit bolanlaryň arassa gany bu mübärek baýdagy galdyrmagy başardy Palestina jihadynyň içerki güýjüni ýüzlerçe esse ýokarlandyryň: Günleriň birinde palestinaly ýaşlar daş atyp özüni goraýan bolsalar, şu gün bolsa edil nokady urup bilýän raketa atyp, duşmana jogap berýärler.

Palestina we Kuds Guranda "Mukaddes toprak" diýilýär; Onýyllyklaryň dowamynda bu arassa toprak iň haram we ýaramaz adamlary tarapyndan basylyp alynandyr; Hormatly adamlaryny elhenç suratda öldürýän, soň bolsa utançsyz boýun alýan şeýtanlar. Öý eýelerini ýetmiş ýyldan gowrak wagt bäri adam öldürmek, talamak, türmä basmak we gynamak bilen gynaýan jynsparazlar. Ýöne hudaýa kop şükürler bolsun Sionistler Palestinalylaryň yradalaryny ýeňip başarmadylar.

Palestina diri we jihady dowam etdirýär we Taňrynyň kömegi bilen ahyrsoňy erbet duşmany ýeňip biler. Mukaddes Kuds we ähli Palestina öz halkyna degişlidir we olara gaýdyp geler. InşaAllah: "Bu Hudaý üçin kyn däl."

Palestina meselesinde ähli musulman döwletleriniň we halklarynyň borçlary we wezipeleri bar. Emma göreşiň esasy maksady häzirki wagtda ýurduň içinde we daşynda on dört million töweregi palestinalylaryň özleridir. Bu toparyň agzybirligi we tutanýerliligi uly iş edip biler. Agzybirlik. Palestinalylaryň iň uly ýaragydyr.

Palestina agzybirliginiň duşmanlary sionist režim we ABŞ we käbir beýleki syýasy güýçlerdir, elbet eger-de Palestina jemgyýetiniň içinde agzybirlige şikes ýetrýän bolmasa daşarky duşmanlar hiç zat edip bilmezler, bu jebisligiň oky içerki jihad we duşmanlara ynamsyzlyk bolmaly. Palestinalylaryň esasy duşmany, ýagny, ABŞ we Angliýa we erbet sionistler Palestina syýasatlarynyň esasy bolmaly däldir.

Palestinalylar - Gazada, Kudsda ýa-da Iordan derýasynyň günbatar kenarynda, 1948-nji ülkelerinede ýa-da hatda beýleki bölümlerdäkiler beýleki bölümleri goramaly we basyş astynda bolan wagtlarynda öz erklerindäki gurallary ulanmalydyrlar.

Ýeňiş umydy häzirki döwürde öňküsinden has uludyr, güýç deňagramlylygy palestinalylaryň peýdasyna düýpgöter üýtgedi | Özüni "hiç haçan ýeňilmeýän goşun" diýip häsiýetlendiren goşuny.häzirki wagtda Liwandäki 33 günlük seweş we Gazadaky 22 günlük we 8 günlük seweş tejribelerinden soň ýeňişiň reňkini görmejek goşuna öwerlendir,onuň syýasy ýagdaýy şeýle bir erbetdir welin geçen iki ýyllykda 4 saýlawçylygy geçirmeklige mejbur bolandyr şeýle-de onuň howsuzlyk ýagdaýy yzly yzyna şowsyzlyga uçrap durandyr we göçip gitýän jöhitleriň sanynyň günsaýn artmagy bu tekebbirli režimiň biabyraýlygyna sebäp bolandyr. ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky birnäçe arap ýurtlary bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak ugrundaky tagallasy bu režimiň gowşaklygynyň ýene bir alamaty we bu oňa kömek etmez. Müsür bilen onlarça ýyl mundan ozal gatnaşyk gurupdy: şol günden bäri bu režim gaty ejizländir şu hasap bilen indi sionist režim birnäçe ejiz we kiçigöwünli ýurtlar bilen gatnaşyklaryň oňa kömek edip bilermi?; Elbetde, bu gatnaşyklardan bu ýurtlar hem peýda görmezler: Sionist duşman olaryň mallaryny ýada topraklaryny aljakdyr we pesady we amansyzlygy olaryň arasynda ýaýratjakdyr.

Elbetde, bu faktlar beýlekileriň bu herekete bolan agyr borjuny ýatdan çykarmaly däldir: Musulman we hristian alymlary kadalaşmagy haram diýip yglan etmeli, intellektuallar we azadalar Palestina arkasyndan hanjar bolan bu genosidiň netijelerini hemmelere düşündirmeli.

Elbetde bu hakykatlar. Bu hereket barada özgeleriň agyr borçlarynyň unudulmagyna sebäp bolmaly däldir. Musulman we hristiýan ulamalar bu režim bilen aragatnaşyklaryň normallaşdyrylmagyny haram diýip yglan etmelidirler. We açyk pikirli we azada ynsanlar hem palestinanyň arkasyndan hanjar urmak hadsaplanýan bu ýaramaz işiň netijelerini hemmelere açyklap bermelidirler.

Sionist režimiň synyp barmagynyň garşysynda çydam toplumunyň kuwwatlanmagy Aýdyň geljeginiň buşlygydyr. Harby we goranyş bölüminde kuwwatlanmak täsirli ýaraglary bejermekde garaşsyz bolmak, göreşjeňleriň özlerine bolan ynamynyň artmagy ýaşlaryň we ýigitleriň özlerini dogry tanmaklary çydamyň palestinaa ýurdynyň boýdan başyna ýaýramagy hatda başga ýerlere ýaýramagy al-aksa metjidini goramakda ýaşlaryň ýola beren soňky aýaga örişleri we palestina milletiniň göreşleriniň ýanynda olaryň mazlumlaygynyň dünýäniň köpi sebitleriniň umumy pikirinde ýaň salmagy.

Yslam respublikasy tarapyndan birleşen milletler guramanyň senetlerinde bitdirlen palestina halkynyň göreşiniň mantygy hem üns bererli öňdebaryjy mantykdyr.

Palestinaly göreşjeňler (bu mantyk esasynda) Palestinanyň ähli ýaşaýjylarynyň hemmesiniň gatnaşmaklarynda bir referendomyň geçirilmegini isläp bilerler. Bu referendom ýurdyň syýasy düzgünini belli eder we her bi kowumdan ýada dinden bolan Paalestinanyň ähli ýaşaýjylarynyň hemmesi şol sanda Palestinaly awaralar oňa goşuljakdyrlar. Şol syýasy düzgün awaralary ýurda getirip mesgen tutan ösekleriň ykbalyny hem belli etjekdir. Bu isleg dünýäde kabul edilen ýörgün demokratiýa esasyndadyr. We hiç kim onuň dogrylygyna we döwrüniň talabyna laýyklygyna şüphe bildirip bilmez. Palestinaly göreşjeňler özleriniň berhak göşreşlerini basybalyjy sinonist režim bu islege boýun egýänçä dowam bermelidirler.

Allanyň ady bilen öňe gidiň we(allanyň onuň dininiň goldaýanlary hökman goldajakdygyna) ynamyňyz bolsun.

والسلام علیکم ورحمه الله